Şu gün Gruziýa Respublikasynyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzäniň Aşgabada sapary başlandy.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň habar bermegine görä, Gruziýa Respublikasynyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzäniň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýeti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma we beýleki dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.
Türkmenistan bu iri foruma global waka we halkara gatnaşyklarda hil taýdan täze tapgyra geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar diýlip, habarda nygtalýar.
