Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarif Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Pakistanyň Premýer-ministriniň sapary hem döwletleriň, halkara guramalaryň we bilermenler jemgyýetleriniň liderlerini dünýäde özara ynanyşmagy berkitmek, parahatçylyk we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir meýdança jemlejek Aşgabat forumyna halkara derejede uly üns berilýändigini tassyklaýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Premýer-ministr halkara forumyň dialog medeniýetini, parahatçylykly gatnaşyklary we sebitleýin durnuklylygy ösdürmäge gönükdirilen umumy hem-de ýöriteleşdirilen mejlislerine gatnaşar.
