Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 11-12-nji dekabrda Türkmenistanda iş saparynda bolar. Bu barada özbek Lideriniň Metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek Halkara foruma gatnaşar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew forumyň plenar mejlisinde çykyş eder.
Sammitiň çäklerinde Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär.
