Argentina Halkara atom energetikasy agentliginiň (MAGATE) direktory Rafael Grossini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine resmi hödürledi. Ol bu wezipäni 2027-2031-nji ýyllarda eýeläp biler. Argentina üçin bu uly mertebedir diýip, ýurduň DIM-niň başlygy Pablo Kirno aýtdy. Bu barada «360» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Kirno Rafael Grossiniň MAGATE ýolbaşçylyk eden alty ýylynda halkara ykrarnama gazanandygyny we häzirki krizisleriň şertlerinde dünýä howpsuzlygyny üpjün etmek babatda liderlik häsiýetleri bilen tanalandygyny belledi. Ol şeýle-de Grossiniň 40 ýyllyk diplomatik tejribesini hem ýatlady.
Buenos-Aýresde Grossiniň dalaşgärlige hödürlenmeginiň Argentinanyň halkara hukugyna hormat goýýandygyny, ýurduň günbatar demokratiýalar bilen hyzmatdaşlyga ymtylyşyny we ählumumy çözgütlere goşulyşmaklyga esaslanýan daşary syýasat ugruny şöhlelendirýändigini nygtaýarlar.
BMG-niň täze Baş sekretarynyň saýlawlary 2026-njy ýylda bolar. Bu wezipä şeýle hem Barbadosyň Premýer-ministri Mia Mottli, Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça öňki komissary Mişel Baçalet we häzirki Baş sekretaryň orunbasary Amina Mohammed dalaş edýärler.

