Indoneziýanyň paýtagty dünýäniň iň gür ilatly şäherleriniň sanawynda Tokiodan öňe saýlandy. Bu barada BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça edarasynyň ilat bölüminiň maglumatlaryna salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Ady tutulan edaranyň «2025-nji ýyla çenli dünýä şäherleşmesiniň geljegi» atly nutugynda bellenişi ýaly, indonez megapolisinde häzir 42 million adam ýaşaýar. Ondan soňra Bangladeşiň paýtagty Dakka 37 million ilaty bilen gelýär. 33 million adam ýaşaýan Tokio üçünji orna düşdi. BMG-niň 2018-nji ýyl üçin nutugynda Ýaponiýanyň paýtagty 37 millionlyk ilat bilen sanawda öňdeligi eýeläpdi.
Nutukda 1950-nji ýylda şäherlerde dünýä ilatynyň 20 göterime golaýynyň ýaşandygy, häzirki wagtda bu görkezijiniň 50 göterime golaýdygy bellenýär. 2050-nji ýyla çenli ilatyň ählumumy ösüşiniň üçden iki böleginiň şäherleriň paýyna, galan bölegiň şäher görnüşli ilatly ýerlere degişli boljakdygy çaklanýar.
Ilaty 10 milliondan az bolmadyk megapolisleriň sany 1975-nji ýylda sekiz sany bolanlygyndan, 2025-nji ýylda 33-e çenli köpelipdir. Iň köp ilatly şäherleriň köpüsi Aziýada ýerleşýär.
