«Telegram» sosial toruny esaslandyryjy Pawel Durow oňat saglygyň şertleri barada «X» sosial torundaky (öň «Twitter») pikir alyşmalar boýunça öz pikirini paýlaşdy diýip, «Код Дурова» atly portala salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Sosial tordan peýdalanyjylaryň biriniň seýrek keselleýän adamlaryň syry barada sowalyna Durow bu ugurdaky esasy ýörelgeleri beýan edip, munuň syrynyň: dowamlylygy azyndan sekiz sagatlyk ukudygyny, sagdyn iýmitlenmekdigini, yzygiderli fiziki işjeňlikdigini, stressden gaça durmakdygyny, şeýle hem spirtli içgilerden we çilim çekmekden, derman ulanmakdan saklanmakdygyny maslahat berdi.
«8 sagatdan az uklamaň, arassa, tebigy iýmitleri iýiň, sport bilen meşgullanyň, stressden gaça duruň, içmäň, çilim çekmäň, derman içmäň» diýip, Durow aýtdy.
«Telegram»-yň başlygy sosial torlarda işjeň durmuş ýörelgesine eýerýändigi bilen tanalýar. Ol şeýle hem günde bäş-alty gezek türgenleşýändigini gürrüň berdi diýlip, habarda bellenýär.

