«Sotheby’s» söwda-satyg öýi öz taryhynda iň gymmat sungat eseriniň söwdasyny amala aşyrdy – nakgaş Gustaw Klimtiň «Elizabet Ledereriň portreti» diýen işi 236,4 million dollara satyn alyndy diýip, «Rambler.ru» habar berdi.
«The Wall Street Journal» neşiriniň habaryna görä, sungat eseri üçin azyndan alty adam dalaşgärlik etdi.
Indi ady tutulan nakgaşlyk eseri «100 million dollardan gymmat satylan çeper gymmatlyklar» sanawyna girdi.
Eseri nakgaş Gustaw Klimt aradan çykmazyndan iki ýyl öň, 1914-1916-njy ýyllarda döredipdir we ol häzirki zaman sungatynyň iň gymmat eseri hasaplanýar. Ony satyn alan müşderiniň ady aýdylmaýar diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

