Sergeý Bezrukow Bütinrussiýa jemgyýetçilik pikiriniň öwrenmek merkeziniň we «Народная марка» baýragynyň bilelikde geçiren barlaglarynyň jemleri boýunça 2025-nji ýylda iň gowy aktýorlaryň sanawynda öňdeligi eýeledi. Bu barada ady tutulan merkeziň saýtyna salgylanýan «Rbc.ru» habar berdi.
Pikir soralyşyga ýaşy 18-den uly bolan russiýalylaryň 1,6 müňüsi gatnaşdylar.
Şunda Sergeý Bezrukow üçin pikiri soraşylanlaryň 15 göterimi goldap ses berdi. Ondan soňra sanawda Sergeý Burunow (14 göterim) we üçünji orunda «Anora» hem-de «Pygamber. Aleksandr Puşkiniň taryhy» atly filmleriň ýyldyzy Ýura Borisow we sesleriň 10 göterimini alan Aleksandr Petrow ýerleşdiler. Ondan soňra 7 göterim görkeziji bilen Wladimir Maşkow we Konstantin Habenskiý, 5 göterim bilen Iwan Ýankowskiý, 3 göterim görkeziji bilen Nikita Kologriwyý, Danila Kozlowskiý we Ýewgeniý Mironow orun aldylar.
2025-nji ýylyň iň gowy rus aktrisalary diýlip, pikiri soraşylanlar Mariýa Aronowany, Swetlana Hodçenkowany we Anna Peresildy saýladylar. Sanawda ilkinji onlukda Ýelizaweta Boýarskaýa, Ýekaterina Klimowa, Ýekaterina Gusewa, Marina Aleksandrowa, Nastasýa Sumburskaýa we Anna Kowalçuk ýerleşdiler.

