Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat pagta egriji kärhanasynda geçen hasabat döwründe maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 112,6 göterim ýerine ýetirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hasabat döwründe ýurduň içerki bazarlaryndaky dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp edijilere gymmatly önümiň jemi 3 müň 694 tonnasy ugradyldy. Döwrebap pagta egriji kärhanasynda, esasan hem nah pagta ýüplükleriniň 20-lik, 27-lik, 34-lik belgili görnüşleri öndürilýär. Dokma kärhanasynda taýýarlanylýan nah pagta ýüplükleriniň hil derejesine aýratyn ähmiýet berlip, degişli hünärmenleriň gözegçiliginde saklanylýar.

