Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki Halkara we strategik barlaglar institutynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi medeni-ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de degişli bilim edarasy tarapyndan bilelikde guralan maslahat Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlandy.
Ylmy-amaly maslahatyň işine Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň diplomatik, ylmy hem-de medeni toparlarynyň wekilleri, fransuz ylmy merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini köptaraplaýyn öwrenmegiň, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, bular dogrusynda pikir alyşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň baý medeni mirasyna bagyşlanan kitap sergisi hem guraldy.

