Belarus rublunyň täze grafiki nyşany üçin ses berlişige badalga berildi. Bu barada Respublikanyň Milli bankynyň metbugat gullugyna salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Ses berlişik 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda tamamlanar. Bäsleşik geňeşi gelip gowşan 2700-e golaý taslamalaryň bäşisini saýlady.
Täze nyşan toparyň baha bermegi hem-de onlaýn-ses berlişik arkaly saýlanyp alnar. Ses berlişik Milli Bankyň saýtynda geçýär.
Bäsleşigiň jemleri şu ýylyň 31-nji dekabrynda jemlener.

