Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet başlyklarynyň mejlisi şu gün – sişenbede Moskwada Russiýanyň Hökümet başlygy Mihail Mişustiniň başlyklyk etmeginde geçer. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berýär.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, mejlisiň barşynda guramanyň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Aýratyn hem sanly ykdysadyýet, energetika, «ýaşyl» senagat, emeli aň, ylym we innowasiýalar, bilim, medeniýet, turizm, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar syýasaty ýaly ugurlara üns çekiler. Mejlisiň jemleri Bilelikdäki Beýannamada şöhlelendiriler.
ŞHG-a on sany hemişelik agza-döwlet girýär, olar: Belarussiýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyz Respublikasy, Russiýa, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan. Birnäçe ýurt gurama synçy ýa-da dialog boýunça hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar.

