Eýran ýurtda emele gelen guraklyk sebäpli paýtagt şäher Tähranyň ýaşaýjylaryna suw goýberilişini çäklendirdi diýip, ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Bu käbir oňaýsyzlyklary döretse hem, suwuň artykmaç sarp edilişiniň öňüni almaga kömek eder» diýip, EYR-nyň energetika ministri Abbas Aliabadi döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.
Öň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Tähranyň suw gytlygy sebäpli göçürilmegini aradan aýyrmaýandygy barada beýanat berdi. Prezidentiň: «Eýran agyr netijelere getirip biljek tebigatyň çagyryşlary – ygalyň ýetmezçiligi hem-de suw gorlarynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz galdy» diýen sözlerini ýurduň habar beriş serişdeleri getirýär.
Döwlet Baştutany: «Eger golaý wagtda ýagyş ýagmasa, onda biz geljek aýdan Tähranda suw berlişini çäklendirmeli bolarys. Eger ygal asla ýagmasa, onda şäheri göçürmäge mejbur bolarys» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Soňky bäş ýylda Eýranda ygalyň durnukly pese gaçmagy hasaba alynýar. Ýerli howa gulluklarynyň maglumatlaryna laýyklykda, üstümizdäki ýylda Tähranda möwsümdäkä garanda ortaça 40 göterim az ygal düşdi. Ýazda we tomusda asla ýagyş ýagmandygy bilen bagly, howdanlarda suwuň möçberi heläkçilikli ýagdaýda azaldy.
Eýranda ilat sany boýunça ikinji uly şäher bolan Maşatda suw howdanlaryň gory 3 göterimden hem az derejä düşdi diýip, Horasan-Rezawi ülkesiniň suw geçiriji kompaniýasynyň baş direktory Hoseýn Esmailian habar berdi diýip, «ISNA» habarlar agentligine salgylanýan «ria.ru» ýazýar.

