Rimde «Nobu» brendiniň Italiýadaky ilkinji myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu brendiň esaslandyryjylary meşhur golliwud aktýory Robert de Niro, baş aşpez Nobu Masuhisa we işewür Meýr Teper diýip, «rg.ru» ýazýar.
Täze «Nobu Hotel Rome» oteli koronawirus pandemiýasyndan soňra işini dikeldip bilmedik öňki meşhur «Grand Hotel» myhmanhanasynyň ornunda, Wia Weeneto köçesinde ýerleşýär. Myhmanhana alty gatdan ybarat bolup, onda 117 otag, eýwan garbanyşhanasy, SPA-zolak, mejlisler zallary we ýapon tagamlary bilen belli bolan «Nobu» restorany ýerleşýär.
Myhmanhanada ýaşamak üçin nyrhlar bir gijesine 995 ýewrodan başlanýar. «Sakura Suite» lýuks derejeli otaglarda ýaşamak üçin 2239 ýewro tölemeli. Taslamany dolandyrýan aktýor De Niro nobatdaky «Nobu Hotel» myhmanhanasynyň Milan şäherinde açyljakdygyny habar berdi.

