Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreleriň dowamynda söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýeti, medeni maksatly çäreleriň ýaýbaňlandyrylyşy ýokary halkara görkezijilerine we milli myhmansöýerlik däplerine laýyk getiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri şanly sene mynasybetli mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň 6-njy noýabrda geçiren mejlisinde belledi. Bu barada TDH habar berdi.
Bitaraplyk baýramynyň çäklerinde guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, gazanan üstünlikleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapar. Şol bir wagtyň özünde baýramçylyk dabaralary we halkara çäreleri metbugat giňişliginde doly derejede wagyz ediler. Mejlisiň dowamynda bu barada Gahryman Arkadag aýratyn belläp, degişli maslahatlaryny berdi.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dürli görnüşli harytlar, şeýle hem milli tagamlar bilen üpjün edilmegini gazanmak, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlarynyň söwdasyny guramak babatda degerli maslahatlaryny paýlaşdy.
Şanly sene bilen bagly geçirilýän medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk we teatr çärelerini ýokary derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan etmegiň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadag baýramçylyk mynasybetli çaphana-neşir önümlerini taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygyna hem ünsi çekdi.

