Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň dowamynda halkara çärelerine degişli guramaçylyk, hojalyk işleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini nygtady.
Şeýle-de Gahryman Arkadagy öňde duran halkara çärelerini we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp barylmalydygyny, Aşgabat şäherini bezemegiň, degişli abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda degişli işleriň talabalaýyk geçirilmelidigine ünsi çekip şeýle diýdi:
«Umuman, halkara çärelerini üstünlikli geçirmek bilen, merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi bütin dünýä aýdyň görkezilmelidir. Şunda halkymyzyň döreden «Gelen döwlet» diýen paýhasly jümlesi öz beýanyny tapmalydyr».

