«МАХ» messenjeri boýunça habarlary ibermek we jaň etmek indi Russiýanyň hem-de Belarusyň ýaşaýjylaryndan başga, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaşaýjylary üçin elýeterli bolar. Bu barada hyzmatyň metbugat gullugynda habar berdiler diýip, «rg.ru» ýazýar.
«МАХ» messenjerinde resmi bellige durmak üçin ýurdy saýlamak we telefon belgini girizmek arkaly priloženiýäni ýüklemek gerek. Bellige alynmagy jemlemek üçin SMS arkaly ýollanan barlag koduny girizmeli.
Oktýabrda «МАХ» messenjeriniň gije-gündizlik eýeleýän çägi ilkinji gezek 22,5 mln adamdan geçdi. Platformada eýýäm 50 milliondan köp adam bellige durdy diýlip, habarda bellenýär.

