Şu gün Ýerde ýene-de G1 derejeli gowşak magnit tupany başlandy. Bu barada Russiýanyň «Fobos» howa merkeziniň esasy hünärmeni Mihail Leus özüniň Telegram-ýaýlymynda habar berdi. Geçen gijeýarymdan soňra magnit işjeňligi orta derejä (G2 dereje) ýetdi, irden bolsa gowşap, G1 derejä düşdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Hünärmen geomagnit tolgunmanyň penşenbe gününiň tutuş dowamynda saklanjakdygyny aýtdy. Has ýokary işjeňlik anna güni, 7-nji noýabrda bolar, şonda Ýere Gün plazma zyňyndylary aralaşar. Ertir güýçli magnit tupanynyň (G3) we has güýçli magnit tupanynyň (G4) bolmagy mümkin.
Sinoptik şeýle hem geomagnit tolgunmalaryň şenbe gijesi gowşap, ýekşenbede Ýeriň geomagnit meýdanynyň kadalaşjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

