Fransiýaly ýazyjy Loran Mowinýe Gonkur edebiýat baýragyna mynasyp boldy, bu barada Gonkur akademiýasynyň prezidenti Filipp Klodel «BFMTV» teleýaýlymynda göni alnyp görkezilen dabarada habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Ýazyjy baýraga «Maison vide» («Boş öý») romany üçin mynasyp boldy, ony goldap, eminler toparynyň alty agzasy ses berdi.
2022-nji ýylda Gonkur baýragyny fransuz ýazyjy zenany Brižit Žiro «Çalt ýaşamak» romany üçin aldy.
Gonkur Fransiýanyň iň gowy roman üçin berilýän iň abraýly baýragy hasaplanýar. Ol doganlar Žýul we Edmon de Gonkuryň hormatyna esaslandyrylandyr. Baýrak Gonkur akademiýasynyň agzalarynyň Pariždäki «Druan» restoranynda ýörite agşamlyk nahary wagtynda ses bermegi arkaly gowşurylýar. Ol 1903-nji ýyldan bäri her ýyl gowşurylýar.

