Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi binasynda geçirilen Halkara antikorrupsiýa akademiýasyna (HAKA) gatnaşyjy döwletleriň Assambleýasynyň 14-nji mejlisine gatnaşdy.
Bu mejlise gurama gatnaşyjy döwletleriň, şeýle hem hökümetara we halkara guramalaryň wekilleri bolup, olar korrupsiýa garşy göreşmek hem-de adalatlylyk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça dünýäde alnyp barylýan häzirki tagallalar barada pikir alyşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar korrupsiýanyň öňüni almak babatda toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar, ýüze çykýan meseleleri seljerdiler we akademiýanyň çäginde bilelikdäki hereketleriň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda Türkmenistanyň HAKA bilen özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem çykyşda, BMG-niň Korrupsiýa garşy göreşmek Konwensiýasynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň çäginde alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.
Assambleýanyň gün tertibinden orun alan esasy meseleleriň hatarynda guramanyň strategik ösüş ugruny, hyzmatdaşlyk çäklerini hem-de korrupsiýa garşy göreşmekde halkara tagallalary ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljekki başlangyçlar ara alyp maslahatlaşdy.

