ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jorj Buş-kiçiniň döwründe wise-Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiren Dik Çeýni 85 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «Punchbowl» portalynyň habarçysy Jeýk Şerman habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Çeýni iki möhletiň dowamynda (2001-2009) 46-njy Prezidentiň orunbasary boldy.
Riçard Brýus Çeýni 1941-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Nebraska ştatynyň Linkoln şäherinde dünýä indi.
Onuň yzynda aýaly Linn, gyzlary Liz we Meri Çeýni we ýedi agtygy galdy.

