Şu ýylyň 12-nji iýunynda «Air India» kompaniýasynyň Ahmedabat — London aralygyna uçan «Dreamliner Boeing 787» kysymly uçarynyň ýere gaçmagynda ýeke-täk diri galan Wişwaş Kumar Rameş özüniň hem-de maşgalasynyň heläkçilikden soňraky durmuşy barada gürrüň berdi. Bu barada «Independent» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.
Erkek kişi şondan bäri kynlyk bilen uklaýandygyny, hemişe şol uçarda heläk bolan doganyny ýatlaýandygyny gürrüň berdi.
«Men bar zadymy ýitirdim. Hudaý maňa ömür berdi, emma bagtymy elimden aldy. Men ähli zadymy giderdim. Gudrat bilen aman galdym, emma doganymy ýitirdim. Meniň ýaşaýşa höwesim ýok, doganym durmuşda daýanjymdy. Ejem, kakam we kiçi doganym hem göwnüçökgün» diýip, Rameş aýtdy.
Rameşiň sözlerine görä, awiakompaniýa oňa we maşgalasyna heläkçilikden soňra hiç hili kömek etmändir.
Şol uçar heläkçiliginde 279 adam heläk boldy.

