6-njy noýabrda Waşington şäherinde geçiriljek «C5+1» («Merkezi Aziýa — ABŞ») sammiti halkara giňişlikde uly gyzyklanma döredýär.
Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we Merkezi Aziýanyň bäş döwletini birleşdirýän «C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanýar. Sammit ABŞ-nyň paýtagtynda ilkinji gezek geçirilýär.
Prezident Donald Tramp Merkezi Aziýa döwletleriniň Liderleriniň ählisine resmi çakylyk ugratdy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary, öz gezeklerinde, Ak tamda geçiriljek sammite gatnaşjakdyklaryny tassykladylar.
Sebit we halkara metbugaty bu waka aýratyn ähmiýet berýär. Bu sammite adaty görnüşdäki gepleşiklerden hakyky hyzmatdaşlyga geçmegiň möhüm ädimi hökmünde garalýar. Esasan-da, tebigy baýlyklar, energiýa howpsuzlygy we infrastruktura ösüşi ýaly ugurlaryň sammitiň gün tertibinde möhüm orun eýelemegine garaşylýar.
«The Diplomat» neşiri Merkezi Aziýanyň soňky ýyllarda Ýewropa bilen has işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýandygyny, bu sammitiň ABŞ üçin sebitiň ýurtlary bilen durnukly hyzmatdaşlyga ýol açýandygyny nygtaýar.
«News Central Asia» («nCa») neşiriniň ýazmagyna görä, bu duşuşyk sebitdäki köpugurly diplomatiýa we bitaraplyga hormat goýýan özboluşly çemeleşmäni öňe sürüp biler. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlangyjyna öwrüler. Şol bir wagtyň özünde dürli neşirler sammitiň Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin hakyky ykdysady bähbitleri getirmegine garaşýarlar.
Hususan-da, «Atlantic Council» ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň gazylyp alynýan seýrek metallar, maýa goýumlar we dünýä bazarlary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda umumy gyzyklanmalara eýedigini nygtap, bu sammitiň resmi Waşingtonyň sebite bolan ünsüniň has-da ýokarlanýandygynyň subutnamasydygyny belleýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, 31-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa – ABŞ» sammitine gatnaşmak maksady bilen Waşington şäherine boljak iş saparyna taýýarlyk işleri alnyp baryldy.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. «Waşingtonda geçiriljek sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

