Günde duşenbede güýçli şöhle hasaba alyndy diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň hem-de Gün-Ýer fizikasy institutynyň hünärmenleri habar berdiler. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.
Alymlaryň çaklamasyna görä, Günüň işjeňligi we onuň Ýere täsiri golaý günlerde barha artar. Onuň iň güýçli derejesi geljek hepdäniň ortasynda we ikinji böleginde bolar.
