Ispaniýanyň Koroly Filipp VI 10-13-nji noýabrda HHR-e döwlet saparyny amala aşyrar, ol soňky 18 ýylda ispan monarhynyň bu ýurda ilkinji saparydyr. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň resmi wekili Mao Nin metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, «RIA.ru» ýazýar.
Ispaniýanyň koroly Filipp VI sapar wagtynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýan hem-de Halk wekilleriniň Bütinhytaý ýygnagynyň Hemişelik geňeşiniň başlygy Çžao Lezsi bilen duşuşyklary geçirer.
«Taraplar ikitaraplaýyn, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar» diýip, Mao Din nygtady.

