Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Dünýäniň owazlary» atly konsert geçirildi. Oňa ýurduň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, talyplar we okuwçylar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Baýramdurdy Hudaýnazarowyň sazyna, Berdinazar Hudaýnazarowyň sözlerine döredilen «Gülle, Bitarap Türkmenistan!» atly aýdym tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, bu aýdymy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň gazanylan gününde Atageldi Garýagdyýew ilkinji gezek ýerine ýetiripdi.
Konsertde Türkmenistanyň Döwlet hory ýaş aýdymçy Döwran Şammyýew bilen «Garriet» filminden «Stand up», Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans topary bilen yşk, söýgi, gözellige bagyşlanan liriki eser hasaplanýan täjik aýdymy «Eý, sanam!», Türkmenistanyň Döwlet horunyň oglanlar topary bolsa sazy Şamämmet Bäşimowa, sözleri nusgawy şahyr Mollanepese degişli bolan «Şirmaýy» atly aýdymy we Döwlet tans toparynyň tansçylary bilen gruzin aýdymy bolan «Gandagana» aýdymyny ýerine ýetirdiler.
Şeýle-de sungat ussatlaryň ýerine ýetirmeginde amerikan kompozitorlary Benj Pasek bilen Jastin Paulyň «This is me», «You will be found», nemes kompozitory Karl Orfuň «O Fortuna» atly aýdymlary şowhunly garşylandy. «Titanik» filminden «My heart will go on» atly çykyş tansçylar Idris Hojaýew bilen Aýgül Kakaýewanyň tanslary bilen utgaşyp, myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Joşgun» akapella çagalar hor toparynyň, Aşgabat şäheriniň 4-nji sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hor toparynyň, nebitgaz toplumynyň «Ruhubelent çagalar» tans toparynyň çykyşlary hem boldy.

