Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynda (CIET 2025) senagat pudagynyň sanly özgertmesi, «gök ammiak» tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Akylly gurluşyk. Arassa energiýa. Durnukly geljek» şygary bilen geçirilýän forum ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda täze maýa goýum mümkinçiliklerini görkezýän meýdança boldy — diýip, «Türkmen Energiýa Forumy» hojalyk jemgyýeti habar berýär.
Umumy mejlisiň açylyşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow forumy «Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga we ösüşe gönükdirilen innowasion we açyk syýasatynyň aýdyň mysaly» diýip atlandyrdy. Ol gurluşyk we senagat pudaklarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny, şeýle hem Garabogaz bogazynyň üstünden geçýän köprüden başlap, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhediniň ugrunda gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny belledi.
«Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan senagat taýdan kuwwatyny berkidýär, ekologiýa gymmatlyklaryna we durnukly ösüşe ygrarlylygyny saklap galýar» — diýip, wise-premýer belledi.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurow kärhanalaryň sanly özgertmesi we Bäherdende hem-de Aşgabatda keramiki plitkalary we aýna önümlerini öndürýän döwrebap kärhanalaryň gurluşygy barada gürrüň berdi. «Her bir täze kärhana – öz-özüni üpjün edýän, eksport ugruna gönükdirilen senagatyň kemala gelmegine, iş orunlarynyň döredilmegine we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna tarap ädilen ädimdir» — diýip, ministr nygtady.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Taňryguly Ataýew tebigy gazyň çuňňur gaýtadan işlenmegine we «gök ammiak» tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen himiýa pudagynyň ösüş maksatnamasyny hödürledi. «Balkan welaýatynda gurulýan ammiak-karbamid zawody Merkezi Aziýada ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň täze nusgasy bolar» — diýip, ol belledi.
Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew senagat innowasiýalarynyň ekologiýa we durnukly oba hojalygy bilen baglanyşdyrylandygyny, agro-senagat toplumynda biotehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylýandygyny nygtady.
Kawasaki Heavy Industries kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili Tomohiro Takaşina GTG-1 zawodynyň gurluşygyny hem öz içine alýan 20 ýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesini ýatlatdy. Bu zawod dünýäde gazy benzine öwürýän ilkinji täjirçilik kärhanasy bolup, «GTG-1 Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň nyşanyna we energetika pudagyndaky ýaşyl innowasiýalaryň nusgasyna» öwrüldi diýip, ol aýtdy. Şeýle hem ol Rönesans we Itochu kompaniýalary bilen bilelikde GTG-2 toplumyny gurmak meýilnamasy barada habar berdi.
Mitsubishi Heavy Industries kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Eisaku Ito gazy gaýtadan işlemek we energiýa tygşytlaýjy gurluşyk ugurlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň geljegini belledi.
Çykyş edenleriň arasynda Çalık Holding kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem bardy. Ol Türkmenistanyň sebitleýin energetika we senagat ulgamyndaky strategik ähmiýetini nygtady. Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjak bolsa bilelikdäki infrastruktura we gurluşyk başlangyçlary barada gürrüň berdi. China Energy International Group Co. Ltd. kompaniýasynyň wise-prezidenti Sýue Danfen «ýaşyl» energetika we sanly tehnologiýalaryň ösüşi boýunça meýilnamalary hödürledi.
Umumy mejlis PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň baş operasion direktory Nor Işam Abdulla tarapyndan alnyp baryldy. Ol halkara senagat hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginiň we Türkmenistanda durnukly maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady.
B2B we B2G duşuşyklarynyň çäklerinde himiýa, energiýany tygşytlamak we akylly gurluşyk ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mitsubishi Heavy Industries, Çalık Holding, Rönesans Holding, Interbudmontazh, POSCO International, Bitdeer Technologies Group we beýleki dünýä kompaniýalary bar.
CIET 2025 forumy 3–4-nji noýabr aralygynda geçirilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de «Türkmen Energiýa Forumy» hojalyk jemgyýeti forumyň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
Turkmenportal — forumyň mediýa hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

