Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygy Mihail Mişustin täze hünärmen baýramyny yglan etdi, ol maýyň ahyrynda bellenjek Kebşirleýjiniň günüdir. Bu barada degişli karar Russiýanyň Hökümet saýtynda çap edildi.
Baýramçylyk güni diýlip maýyň ahyrky anna güni yglan edildi, sebäbi hut şu gün kebşirleýjileriň hümärmen gurşawynda resmi däl görnüşde bellenilýärdi.
Baýramyň gününi bellemek baradaky başlangyç Kebşirlemege gözegçilik boýunça milli agentlikden hem-de Sankt-Peterburgyň senagat kärhanalary assosiasiýasy tarapyndan teklip edildi. Onuň senenamada resmi bellenilmegi kebşirleýji hünärmenleriň ýurduň senagatynyň we ykdysadyýetiniň ösüşine goşandyny ykrar edýär diýlip, habarda bellenýär.

