Tanzaniýanyň häzirki Prezidenti Samiýa Suluhu geçen çarşenbede saýlawçylaryň 97,66 göteriminiň sesini alyp, täze möhlete saýlandy.
«Men Samiýa Suluhuny Prezident saýlawlarynda ýeňiji diýip yglan edýärin» diýip, milli saýlaw toparynyň başlygy Jeýkob Mwambegele aýtdy. Bu barada «Bloomberg» agentligine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Tanzaniýanyň Prezidenti bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. 2021-nji ýylda şol wagt Prezidentiň orunbasarynyň wezipesini eýeleýän Suluhu Prezident Jon Magufuliniň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen, döwlet Baştutany wezipesine saýlandy.

