Şu gün Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulyş dabarasyna hem gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ilki bu ýerde Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýoly barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi. Onda maglumat berlişi ýaly, Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýoly «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlar. Ýol jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň her düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň iki tarapynda howpsuzlyk üçin gorag germewleri gurnalar.
Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň jemi uzynlygy 207 kilometr bolar. Ol 1 sagatda 580, 24 sagatda 14 müň awtoulaga hyzmat eder. Onuň ugrunda 8 sany awtobus duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly binalaryň gurulmagy hem göz öňünde tutulýar. Ýoluň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler.
Döwlet Baştutany il sylagly ýaşulular bilen bilelikde täze awtomobil ýolunyň düýbüni tutansoň, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşyna tomaşa etdi we dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

