Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň türgeni Şöhrat Orazgeldiýew uniwersal söweş sungaty boýunça dünýä çempiony boldy. Ol Özbegistanyň Ürgenç şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilogram agram derejesinde bäsleşdi we garşydaşlarynyň ählisinden tapawutlanmagyň hötdesinden geldi. Bu barada «Türkmen sporty» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanly türgen bu ýaryşda 75 kilograma çenli açyk agram derejesindäki tutluşyklara hem çykdy. Netijede bu derejede bürünç medal gazandy.
Şöhradyň şu ýylyň iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda hem 65 kilogram agram derejesinde çykyş edip, uniwersal söweşiň nusgawy görnüşinden altyn, «laýt» ugrundan bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Şondan soň bolsa ol Özbegistanyň Andijan şäherinde guralan sportuň başa-baş söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi (MMA) boýunça dünýä çempionatyna gatnaşdy. Netijede MMA-nyň «laýt» görnüşinden-de, «elit» ugrundan hem Şöhrat altyn medal gazandy.

