Fransiýada ýene bir uly talaňçylyk boldy, ýurduň Lion şäherinde jenaýatçylar altyn eredilýän zawoda girdiler diýip, «MIR 24» habar berdi.
Waka Lionyň ýedinji etrabynyň Park-d’Artilleri bulwarynda boldy. Golaýda ýaşaýan adamlar ilki güýçli gümmürdiniň sesini eşidendiklerini gürrüň berdiler. Talaňçylar partladyjyny ulanyp, kärhananyň işgärlerine ýarag çenediler. Olar gymmat metaly ogurlap, duýduryjy çyraly ulagda gitdiler. Emma uzaga gaçyp bilmediler, polisiýa kowup, ogrulary tiz ele saldy.
Ýerli habar beriş serişdeleri bäş adamyň tussag edilendigini habar berdi. Zawoda hüjüm etmekde aýyplanýanlar bilen tanyş bolan ýene bir aýal tussag astyna alyndy.

