Ozal habar berşimiz ýaly, 21 — 24-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär.
Çäräniň çäginde 22-nji oktýabrda Ürgenç şäherindäki Horezm welaýat sazly drama teatrynda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Ykrar ataşy» spektakly görkezildi. Bu oýun goňşy ýurduň teatr muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Spektakly görkezilişi bilen Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleriniň Horezm welaýatyndaky çäreleri tamamlandy. Mundan ozal, Horezmde çäräniň açylyşy mynasybetli dabaraly konsertiň geçirilendigini, şeýle-de iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň duşuşygynyň guralandygyny habar beripdik.
Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, 23-24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri Daşkent şäherinde dowam eder.
23-nji oktýabrda Daşkentdäki Özbegistanyň döwlet drama teatrynda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna oýny görkeziler.
24-nji oktýabrda iki ýurduň baýry sungat işgärleriniň we muzeý wekilleriniň duşuşygy bolar.
Şol gün agşam Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet günleri iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyna geçiriljek dabaraly konsert bilen tamamlanar.
