Amerikaly işewür Ilon Maskyň kakasy Errol Grem Mask Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň IT-jemgyýeti bilen duşuşykda Kazan şäheriniň özünde ýakymly täsir galdyrandygyny gürrüň berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
«Kazan mende ýakymly täsir goýdy. Gözel ýer. Ajaýyp, haýran galdyryjy şäher. Onuň müň ýaşy bardyr öýtmezdim. Kazan şeýlebir owadan welin, göýä, düýn gurlan ýaly. Şu depginde dowam ediň» diýip, Mask nygtady.
Ol şäheriň meýilnamalaşdyrylyşynyň hiliniň aýratyn ýokarydygyny belläp, ogullaryna hökman Tatarystanyň paýtagtyny görmegi maslahat berjekdigini aýtdy.
Errol Mask Tatarystanda IT-pudagyň ösüşiniň esasy ugurlary bilen tanyşmak üçin Kazana bardy.
