«CNN Travel» atly meşhur portalyň wersiýasy boýunça özbek nany dünýäde iň gowy çörekleriň 50-liginiň sanawyna girdi diýip, «Daryo.uz» habar berdi.
Bu ugurda çap edilen makalada nanyň däp bolup gelýän özbek tamdyrlarynda hakyky sungat eserine öwrülýändigi bellenýär. Özbegistanda Daşkentden başlap, Samarkanda çenli sebitlere laýyklykda, çörekleriň görnüşi üýtgeýär, sebitleriň her birinde taýýarlanýan nanlaryň görnüşi hem-de tagamy biri-birinden tapawutlanýar.
«Nan tamdyrdan çykan dessine welosipedli gatnadyjylaryň giden topary tarapyndan bazarlara hem-de naharhanalara äkidilýär» diýlip, makalada beýan edilýär.
Çöregiň iň gowy görnüşleriniň hataryna ermeni lawaşy, italýan çiabattasy, fransuz bageti, gruzin haçapurisi, rus karawaýy we ýapon kare pany girizilipdir.
