Etil spirti Ýewropa Bileleşiginde gadaganlyga düşüp biler diýip, «Financial Times» gazeti habar berdi.
Habarda Ýewropanyň himikatlar boýunça agentliginiň (ECHA) etanolyň kanserogen jisimleriň sanawyna girizilmegi ugrunda çykyş edýändigi bellenýär. Agentlikde onuň zäherlidigini we düwnügiň döremegine eltýändigini, aýratyn-da göwreli zenanlar üçin howpludygyny görkezýärler.
Çözgüt 24 — 27-nji noýabr aralygynda kabul ediler. Eger etil spirti saglyk üçin zyýanly diýlip netijä gelinse, ÝB-niň çäklerinde ony hassahanalarda ýa-da arassalaýjy serişdeleriň düzüminde peýdalanyp bolmaz.
Şol birwagtda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň möhüm derman serişdeleriniň sanawyna spirt esasly dermanlar hem girizilendir.

