Madagaskar agyr ýagdaýda, hökümet halkara jemgyýetçiliginden kömek soramakçy diýip, ýurduň täze Prezidenti Mikael Randrianirina beýanat berdi.
«Men halkara jemgyýetçiligine ýüzlenmek bilen, Madagaskaryň häzir agyr ýagdaýda, uçudyň gyrasynda durandygyny aýdasym gelýär. Hut häzir Madagaskar goldawa we kömege mätäç. Biz halkara jemgyýetçilik bilen egin-egne berip işleşmäge taýýar» diýip, Randrianirina aýtdy.
Geçen annada häkimiýete harbylar gelenden soňra goşun polkownigi Mikael Randrianirina Prezident kasamyny kabul etdi.
Bu barada «RIA Nowosti» habar berdi.

