Rim Papasy Lew XIV motosikli Mýunhende söwda auksionynda satyldy. 2024-nji ýylda öndürilen ulag serişdesi 156 müň ýewro satyn alyndy diýip, «RM Sotheby's» söwda öýüne salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Söwdalaşygy guraýjylaryň sözlerine görä, ulag serişdesi Rim Papasyna 2025-nji ýylyň sentýabrynda sowgat berlipdir. Ol şahsy sargyt boýunça taýýarlanypdyr. Pontifik onuň ýangyç bagynda goluny galdyrypdyr.
Satuwdan alnan ähli serişdeler Madagaskaryň çagalaryna kömek bermegi meýilleşdirýän haýyr-sahawat guramasyna geçiriler.

