Burýatiýanyň paýtagtynda taýýar tagamlardan zäherlenenleriň sany 49-a ýetdi diýip, Russiýa Federasiýasynyň Burýat Respublikasynyň hökümet başlygynyň orunbasary, sebitiň saglygy goraýyş ministri Ýewgeniýa Ludupowa habar berdi.
Ministr Telegram-ýaýlymynda ýerleşdirilen habarda olaryň 11-sinde salmonelleziň ýüze çykarylandygyny beýan etdi. Hassalaryň 40-sy hassahana ýerleşdirildi, olaryň 22-si çaga, bir adam durnukly agyr ýagdaýda reanimasiýa bölüminde bejergi alýar.
«Rospotrebnadzor» edarasynyň habaryna görä, kesellänler «Восток» JÇJ-niň taýýar tagamlaryny iýipdirler. Kärhanada birnäçe düzgünbozmalaryň üsti açylyp, onuň işi saklandy.
Burýat Respublikasynyň ýolbaşçysy Alekseý Sydenowyň aýtmagyna görä, günäkärler jogapkärçilige çekiler. Sarp edijileriň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýändigi bilen baglylykda, jenaýat iş gozgaldy diýip, «News.mail.ru» ýazýar.

