Hindistanda Diwali baýramyny giňden belläp başladylar, ol iki gün – 20-21-nji oktýabrda dowam eder diýip, «Rg.ru» gürrüň berýär.
Diwali iň möhüm we şatlykly hindi baýramlarynyň biridir, ol ýagtylygyň tümlügi, haýryň şeri ýeňmegini alamatlandyrýar. Ony «Yşyklaryň baýramy» diýibem atlandyrýarlar.
Baýramçylyk başlamazdan birnäçe gün öň hindi şäherleriniň köçeleri bezelip, adamlar birek-birege sowgat berip başladylar, feýerwerkler atylýar, bengal şemleri ýakylýar.
Dabaranyň ady sanskrit dilindäki «dipawali» diýen sözden gelip çykyp, otlaryň hatary diýmegi aňladýar. Hindistandan başga-da, ol Nepalyň, Malaýziýanyň, Singapuryň, Mawrikiýanyň, umuman, 10 sany aziýa ýurdunyň döwlet baýramydyr. Hindistanda diwali bäş gün dowam edip, onuň dowamynda gadymy geçmişe uzaýan däpler berjaý edilýär.
Taryhçylar diwaliniň taryhynyň 2500 ýyldan hem uzakdygyny belleýärler. Diwali taryhy taýdan birnäçe möhüm induistik legendalar we mifler bilen baglydyr. Olaryň içinde iň esasysy «Ramaýana» eposynda patyşa Ramanyň öz dogduk şäheri Aýodha 14 ýyl aýraçylykdan soňra, gara güýçleriň eýesi Rawany ýeňip dolanmagy bilen baglydyr, şonda şäherliler gahrymany müňlerçe nepýagly çyralary ýakmak bilen garşylapdyrlar.
Diwalini baýram etmegi onsuzam hapa howaly hindi şäherleriniň ekologik arassaçylygyny gorap saklamak üçin ýatyrmak ugrunda çykyşlar hem bolýar. Netijede, Deliniň Ýokary kazyýeti 15-nji oktýabrda Hindistanyň paýtagtynda feýerwerkleri ulanmaga çäklendirmeleri gowşatdy we «ýaşyl» partlaýjy serişdeleri ulanmaga rugsat berdi.
Daşary ýurtlarda örän uly hindi jemagatlarynyň ýaşaýandygy bilen baglylykda, ilkinji nobatda ABŞ-da, Kanadada, Britaniýada we Afrika ýurtlarynda diwali baýramy bellenýär.

