Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän tebigy ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen mekdepleriniň XI synpy üçin «Umumy biologiýa» okuw kitaby neşir edildi. Ony S.Durdyýew, Ş.Babanyýazowa, M.Öwlýakuliýewa, J.Welihanowa dagy taýýarladylar.
Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, okuw kitabynda berilýän maglumatlar janly-jandarlaryň öýjükli gurluşyny, köpelişini, ösüşini, neslegeçijilik hadysalaryny, Ýer ýüzünde organiki dünýäniň ewolýusiýasynyň kanunalaýyk ösüşini, janly bedenleriň daşky gurşaw bilen özara baglanyşygyny has içgin öwrenmekde örän gymmatlydyr.
Okuw kitaby girişden, «Janly tebigatyň düzümi we köpdürlüligi», «Öýjük — ýaşaýşyň esasy gurluş birligi», «Öýjügiň himiki düzümine girýän organiki maddalar», «Organizmleriň köpelişi we ösüşi» atly 4 sany uly bölümden, jemi 90 sany temadan, her tema degişli soraglardan we ýumuşlardan ybarat.
Okuw kitabynda beýan edilýän giňişleýin maglumatlar biologiýa bilen baglanyşykly bu we beýleki dürli meselelere düşünmäge, öwrenmäge ýakyndan ýardam eder.

