Ýaponiýada aýylaryň adamlara hüjümi sentýabr aýynda soňky on ýylyň dowamynda rekord derejede artdy diýip, ýurduň NHK teleýaýlymyna salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar.
Ýagny agzalan döwürde aýylardan 39 adam ejir çekdi, bu soňky 10 ýylda iň ýokary görkezijidir. Aprelden sentýabryň ahyryna çenli aýylardan 109 adam ejir çekdi we olaryň bäşisi gurban boldy. Hünärmenler ýagdaýy etraplaryň köpüsinde dub gozalarynyň hasylsyzlygy bilen baglaýarlar.
Teleýaýlymyň maglumatlaryna laýyklykda, diňe oktýabryň birinji hepdesinde aýylar 17 adama hüjüm etdi we bir adam heläk boldy. Sişenbede ýurduň Gumma prefekturasynda aýy dükan girdi, iki adam ejir çekdi.

