Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) maliýeleşdirmegiň azaldylmagy şertlerinde kyn döwri başdan geçirýär we işgärleriniň sanyny kemeltmäge mejbur bolýar. Bu barada guramanyň baş direktory Redros Adanom Gebreýesus Waşington şäherinde BSGG-niň Amerika ýurtlary sebit edarasynyň 77-nji ýygnagynda aýtdy.
«Ählimiz üçin ynjyly we agyr wagtda biz köp zehinli we öz işine berlen, kärini adamlara gulluk etmäge bagyşlan, COVID-19 ýokanjy döwründe çynlakaý päsgelçilik şertlerinde zähmet çeken hem-de netije görkezen kärdeşlerimiz bilen hoşlaşmaly bolýarys» diýip, Gebreýesus aýtdy. Ol guramanyň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň we direktorlarynyň sanynyň iki esse azaldylandygyny, saparlaryň görnetin kemeldilendigini nygtady.
BSSG-niň gatnaşyjy ýurtlary iri donorlaryň biri bolan ABŞ-nyň guramadan çykmak barada yglan etmegi bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda 2026-2027-nji ýyllar üçin 4,2 mlrd ýewro möçberdäki gysgaldylan býujeti kabul etdiler. Ilkibaşky 5,3 mlrd ýewro býujete 21 göterim azaldylmagyň tarapyna gaýtadan seredildi.
ABŞ 2026-njy ýylda guramanyň agzasy bolmagyny resmi bes eder.

