Düýn Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, oňa toparyň ýurtlara wekilçilik edýän ýolbaşçylary we agzalary gatnaşdylar.
Mejlisde taraplar özara ylalaşylan gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, mejlise gatnaşyjylar bu ulgamyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Mejlsiň dowamynda taraplar dokma senagaty we halyçylyk, energetika, ulag, oba hojalyk we azyk senagaty, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty, durmuş we zähmet, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmäge degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeli möhletleri we ýeri baradaky meselä garaldy. Netijede, toparyň ýedinji mejlisiniň Budapeşt şäherinde geçirilmegi barada ylalaşyldy.
Mejlisiň ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

