Golaýda Aşgabat şäheri boýunça bank ulgamynda zähmet çekýän zenan hünärmenleriň arasynda «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy, şeýle hem Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň Merkezi banky, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy. Onuň esasy maksady bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň hünär bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekden ybarat.

Bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» atly birinji şertine laýyklykda, oňa gatnaşyjy paýtagtly zenanlar «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglylykda, bank ulgamynda gazanylýan üstünlikleri häzirki wagtda durmuşa geçirilýän özgertmeleri buýsançly beýan etdiler. Ikinji şerte laýyklykda, olar şu ýylyň dowamynda ähli ugurlarda, aýratyn-da bank ulgamynda gazanylan ösüşleri aýdymyň, dessanyň, goşgy setirleriniň hem-de gazallaryň üsti bilen beýan edip, häzirki döwre buýsanjyň ajaýyp joşgunyny döretdiler.
Bäsleşigiň üçünji şerti «Türkmen halkynyň myhmansöýer saçagy» diýlip atlandyryldy. Onuň dowamynda gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen halka ýetirilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby esasynda toý saçagyny bezediler. Soňra bolsa milli tagamlary we olaryň taýýar edilişini çeper sözler bilen tarypladylar.

Emin agzalarynyň beren bahalaryna laýyklykda, şäher tapgyrynda iki sany zenan ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, olar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry 11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçiriler. Bäsleşige işjeň gatnaşan zenanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Merkezi banky, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

