Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygynyň we gazet-žurnallaryň baş redaktorlarynyň Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Media Hub International I.LC» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dr.Abdulrahim Abdulwahitogly hem-de bu kompaniýanyň Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherindäki neşirýat işleri boýunça bölüminiň direktory Mohamed Saad Sliman bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron sahypasynda habar berildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň (TDNG) binasynda 26-njy sentýabrda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar neşirýat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şol sanda türkmen we beýleki dillerdäki kitaplary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar kitap neşirçiligi, döwrebap çaphana işini guramak, elektron neşir önümçiligini ösdürmek babatda halkara tejribeleri paýlaşmagyň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, neşir önümleriniň alyş-çalşyny ýola goýmagyň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan görnükli arap-müsür ýazyjysy Najyp Mahfuzyň adyny bütin dünýäniň okyjylaryna giňden tanadan eseri bolan «Öz obamyzyň ogullary» atly romanyny neşir etmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. 1959-njy ýylda Müsüriň «A1-Ahram» gazetinde neşir edilip başlanan bu eser asyl nusgadan — arap dilinden terjime edilip, türkmen okyjylaryna hödürlenilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar neşirýat ulgamy boýunça bilelikdäki sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de beýleki halkara çäreleri guramagyň mümkinçiliklerine-de garadylar. Şunda neşirýat işinde täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy babatda tejribe alyşmak, iki ýurduň ýaş ýazyjylarynyň, terjimeçileriniň we beýleki döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglylykda-da gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Taraplar medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň, iki ýurduň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin bilelikdäki çäreleriň dowam etdirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Ýeri gelende bellesek, «Media Hub International I.LC» kompaniýasy 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Bu kompaniýa sanly maglumatlar giňişliginde baý tejribe toplap, neşir işleri boýunça hem köp görnüşli hyzmatlaryny hödürleýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň dünýäniň 10-dan gowrak ýurdunda şahamçalary hereket edýär.

