Golaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) TIR we üstaşyr ulaglar boýunça uly geňeşçisi Wahtang Zarandiýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar TIR kepilligi astynda halkara ýük daşamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine seretdiler. Hususan-da, ulag we gümrük amallaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we ýönekeýleşdirmäge, TIR kepilliklerini üpjün etmegiň mehanizmini kämilleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de iş duşuşygynyň barşynda tejribe alyşmak we TIR amallaryny döwrebaplaşdyrmak, töwekgelçiligi azaltmak üçin häzirki zaman maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak ýaly amaly çözgütler boýunça pikir alyşmalar hem boldy.
Duşuşyga IRU-nyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar diýlip, çeşmede bellenilýär.

