Bereket şäherindäki 150 orunlyk tikin fabriginde 2025-nji ýylyň geçen 7 aýynda uly zähmet üstünligi gazanyldy. Kärhananyň ussat tikinçileriniň zähmeti bilen, 211 müň 941 sany tikin önümi taýýarlanyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 41 müň 153 sany tikin önüminiň artykdygyny aňladýar.
Bereketli tikinçileriň şu ýylyň başyndan bäri öndüren önümleriniň pul hasabyndaky möçberi 12 million 655 müň 897 manat boldy. Şeýle-de 212 müň 636 sany tikin önümi satuwa çykaryldy.
Ýeri gelende bellesek, önümçilik üçin zerur bolan ýokary hilli matanyň ýyllyk mukdary 1 müň 140 tonna barabardyr diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

