Amerikaly milliarder, «SpaceX» we «Tesla» kompaniýalarynyň eýesi Ilon Maksyň kakasy Errol oglundan tapawutlylykda, häzirki şertlerde Mars planetasyna uçuşlary maksadalaýyk hasap etmeýär. Ol bu barada «Izwestiýa» gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Errol Mask: «Marsa raketada uçmak o diýen oňat pikir däl diýip, men ogluma aýtdym. Mars bizden diýseň alysda ýerleşýär» diýdi.
Ol şunuň bilen birlikde, äleme syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň wajypdygyny, munuň netijesinde adamzadyň «kosmos jynsy» bolup biljekdigini-de belledi.
Uly Maskyň sözlerine görä, ol adamlaryň Älemde ýeke-täk däldigine, beýleki siwilizasiýalaryň-da bardygyna ynanýar.
Maý aýynda Ilon Mask habar beriş serişdelerine «SpaceX» kompaniýasynyň baş maksadynyň Marsa uçuşy amala aşyrmakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, yza dolanyp gelinýärkä, ýolugra Aýa hem gonup bolar.
Aprelde NASA edarasy Marsa uçuşyň onýyllygyň aýaklaryna çenli mümkin däldigini yglan edipdi. Onuň ýolbaşçysy Janet Petro şeýle uçuşyň astronawtlar üçin köpsanly töwekgelçilikleri döretjekdigini, şol howplar barada maglumatlaryň juda azdygyny aýtdy.
