«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara aýratyn öwüşgin çaýdy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, dabaraly konsert «Ýaşa, mähriban Arkadag!» atly aýdym bilen açyldy.
Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olaryň çykyşlarynda bu ýurtlaryň halk döredijiliginiň, häzirki zaman sungatynyň baý däpleri we özboluşlylygy beýan edildi. Halk saz gurallarynyň gaýtalanmajak owazy, döwrebap sazlar, aýdymçylaryň ýakymly mukamy, milli öwüşginli tanslar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Çykyşlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň milli sungatynyň baýlygyny şöhlelendirýän žanrlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy.
Konsertiň dowamynda meşhur türkmen halk hem-de estrada aýdymçylary, tanymal sazandalary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Olar türkmen aýdym-saz sungatynyň naýbaşy eserlerini, söýgi, dostluk, ajaýyp dünýä baradaky aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şirin owazlar diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Döwlet tans toparynyň, “Dehistan” folklor toparynyň, “Galkynyş”, “Näzli”, “Meňli” tans toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Däp bolşy ýaly, dabaraly konsertiň ahyrynda gadymy «küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan, Gahryman Arkadagyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy.

